Soňky habarlar

Arhiw

Koreýa kompaniýasy Türkmenistanda Merkezi Aziýada ilkinji gök ammiak öndürýän zawody gurup biler

14:2601.06.2023
0
22300

Koreýanyň «Daewoo E&C» kompaniýasy Türkmenistanda Merkezi Aziýada gök ammiak öndürýän ilkinji senagat desgasyny gurup biler. Bu barada Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-junyň Aşgabat şäherine eden soňky saparyndan soň kompaniýanyň metbugat beýanatynda habar berildi.

Hususan-da, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» öz ugry boýunça Merkezi Aziýada ilkinji boljak Balkan welaýatynda ekologiýa taýdan arassa karbamid-ammiak dökün zawodyny gurmagy teklip etdi. Bu barada «Newscentralasia» ýazýar.

Zawodyň gurluşygy baradaky şertnama şu ýylyň ahyryna çenli gol çekilip, gurluşygyň indiki ýylyň ikinji ýarymynda başlanmagyna garaşylýar.

Koreý kompaniýasy «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen bilelikde Türkmenistanda iki zawodyň gurluşygynyň üstünde işleýär.

Olaryň biri kuwwatlylygy ýylda 660 000 tonna ammiak we 1,15 million tonna karbamid öndürýän zawod bolup, ol Balkan welaýatynda ýerleşer. Mundan başga-da, Türkmenabatda kuwwaty 300 000 tonna bolan fosfat dökün zawodynyň taslamasy hem bar.

Ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşandygy barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň