Turkmenportal logo
01.06.23
1252512525
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň «CAFA Nations Cup 2023»-däki bäsdeşi Daşkent şäherine bardy
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň «CAFA Nations Cup 2023»-däki bäsdeşi Daşkent şäherine bardy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionatyndaky topardaşy ― Täjigistanyň ýygyndysy ýaryşyň geçiriljek ýerine ― Özbegistanyň Daşkent şäherine bardy. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.


Horwatiýaly tälimçi Petr Segrt «CAFA Nations Cup 2023» üçin milli ýygynda 26 futbolçyny çagyrdy. Olaryň 3-si derwezeçiler, 10-sy goragçylar, 9-sy ýarym goragçylar, 4-si bolsa hüjümçilerdir.


Düýn ― 31-nji maýda Daşkent şäherinde türgenleşip başlan ýygyndynyň düzüminde edil häzir 18 futbolçy bar. Galan futbolçylar Özbegistanyň we beýleki döwletleriň çempionatlaryndan gelip goşular.


Täjik ýygyndysy sebit ýaryşyndaky ilkinji duşuşygyny 11-nji iýun güni türkmen futbolçylary bilen geçirer.