Turkmenportal logo
31.05.23
97099709
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýanyň Premýer-ministrini gutlady
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýanyň Premýer-ministrini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana şanly 60 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


— Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýar. Soňky döwürde biziň hyzmatdaşlygymyzyň işjeňleşýändigini bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Siziň ýakyn wagtda Türkmenistana amala aşyrjak saparyňyzyň türkmen-wenger hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynanýaryn — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri gutlag hatynda belleýär.


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Wiktor Orbana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.