Ispaniýanyň paýtagtynyň köçelerini yzyny kesmän ýagan ýagyşlar suwa gark etdi diýip, «Habar 24» ýazýar. Howanyň bulaşmagy netijesinde, metronyň we şäheriçi jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnawlarynyň işi bozuldy. Şeýle-de Madridiň howa menzilinde gonmaly awiauçuşlaryň birnäçesini ýatyrmaly boldy.
Paýtagtda howa howpunyň «sary» derejesi yglan edildi. Meteoölçeg boýunça bu has ýokary howply howany aňladýar.

