Turkmenportal logo
29.05.23
2200222002
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Polşanyň ilçisinden ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi
Polşanyň ilçisinden ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (bolýan ýeri Baku ş.) Rafal Poborskiden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.


M.Bäşimowa ilçini täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we alyp barjak işleriniň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşjakdygyna umyt bildirdi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.


Duşuşygyň çäklerinde diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Taraplar, şeýle hem kanun çykaryjylyk pudagynda tejribe alyşmak üçin özara hyzmatdaşlygy döretmek arkaly parlamentara gatnaşyklarynyň ösüşiniň geljegine seredip geçdiler.


Iki ýurduň hukuk binýadyny täzelemegiň we giňeltmegiň maksadalaýyklygy beýan edildi.