Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda boljak halkara tennis ýaryşyna bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi

17:5329.05.2023
0
31826

12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda 5 ― 9-njy iýun aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň sebitleýin ýaryşyň ähli duşuşyklary Olimpiýa şäherçesindäki ýapyk kortlarda geçiriler.

Bu barada Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň ýolbaşçylary şu gün geçiren metbugat maslahatynda habar berdiler.

Halkara ýaryşyň baş emini eýranly hünärmen, Halkara Tennis federasiýasynyň wekili Amir Borgeý bolar.

Ozal hem habar berlişi ýaly, sebit ýaryşyna Gazagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan hem-de Owganystandan hem ýaş tennisçiler gatnaşar.

Ýaryşda Türkmenistanyň oglanlar ýyygndysyna Ýuriý Rogusskiý, gyzlara bolsa Miraly Gasanow tälim berer. Türkmen ýygyndysynyň 2019-njy ýylda geçirilen sebit ýaryşyny bürünç medal bilen tamamlandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň