Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranda saparda bolar

22:1528.05.2023
0
37498
Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranda saparda bolar
Surat: tdh.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn günlerde Eýran Yslam Respublikasyna sapar bilen barar. «Watan» habarlar gepleşiginde beýan edilişi ýaly, bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli iberen gutlag hatynda aýdylýar.

— Iki döwletiň arasynda halkara we ikitaraplaýyn görnüşlerdäki hyzmatdaşlygy, hususan-da, üstaşyr ibermek, suw we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmekde Türkmenistanyň eýeleýän tutanýerli orny üçin hoşallygymy beýan edýärin. Ýaňy-ýakynda Eýran Yslam Respublikasynyň üsti bilen geçirilýän gazyň mukdarynyň köpeldilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Ýakyn wagtda Siziň Eýran Yslam Respublikasyna boljak saparyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn we bu saparyň dowamynda Tähranda geçiriljek duşuşykda syýasy, ykdysady we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşjakdygymyzy umyt edýärin. Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk dileg edýärin — diýip, Seýed Ebrahim Raisi hatynda ýazýar.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä hat ýollady.

— Siziň Alyhezretiňiz! Gadyrly doganym! Ilki bilen, meniň adyma iberen gutlaglaryňyz hem-de Eýran Yslam Respublikasyna sapar bilen barmaga iberen çakylygyňyz üçin Size tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin. Men bu çakylygy uly hormat bilen kabul edýärin we öňde duran saparymyzyň Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we köpugurly hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda möhüm tapgyr boljakdygyna berk ynanýaryn — diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hatynda belleýär.

Şeýle-de:

— Häzirki wagtda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ähli ileri tutulýan ugurlarda depginli ösdürilýändigini we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny bellemek bilen, hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de giňeltmek we täze, ýokary derejelere çykarmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy baradaky pikiriňize doly goşulýaryn. Şunuň bilen baglylykda, Tähran şäherinde geçiriljek gepleşiklerimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy ösdürmegiň giň toplumy boýunça pikir alyşmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy ilerletmegiň anyk ýollaryna garamaga ýardam berer. Geljekki saparymyzyň biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine täze itergi berjekdigine berk ynanýaryn — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä iberen hatynda nygtaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň