Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

21:5728.05.2023
0
20519

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de bu ýurduň ähli doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Häzirki wagtda Azerbaýjan Respublikasy sebit we halkara işlerinde möhüm orun eýeläp, ilerlemek we depginli özgermek bilen ynamly öňe barýar — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda belleýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ep-esli işjeňleşdirilendigini hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň umumy bähbitlere laýyklykda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, azerbaýjan kärdeşi Ilham Aliýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk hem üstünlikleri, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň