Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Türkmen halysynyň baýramy bilen gutlady

10:4127.05.2023
0
29217
Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Türkmen halysynyň baýramy bilen gutlady
Surat: tdh.gov.tm

Ertir — maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy bellenilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow çeper elli türkmen halyçylaryna we Türkmenistanyň ähli halkyna Gutlag iberdi. Bu Gutlag «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

— Hormatly çeper elli halyçylarymyz! Eziz watandaşlar! Sizi nepisligi, inçeligi, dürli öwüşginli gözelligi bilen dünýäni haýran eden, milli buýsanjymyz bolan türkmen halysynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn — diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda aýdýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, çeper elli türkmen zenanlarynyň irginsiz zähmeti, müňýyllyklaryň dowamynda taplanan zehini bilen nesilden-nesle geçip, özüniň hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen, gözelligi we nepisligi bilen meşhurlyk gazanan milli halyçylyk sungaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen ajaýyp sungat ýadygärligidir. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen nepis halylaryň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halkynyň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak milli gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan, nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen gözelligiň nusgasyna öwrülen türkmen halylarynda ata-babalaryň şöhratly taryhy, gahrymançylygy, çuň mana ýugrulan pähim-parasady, ýol-ýörelgeleri, milli aýratynlyklary jemlenendir. Halyçylyk türkmen durmuşynda mukaddeslige eýe bolan, taryhyny asyrlardan alyp gaýdýan ajaýyp sungatdyr. Döwlet nyşanlarynda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi pederleriň wesýetlerine wepalylygyň nyşanydyr, türkmen halkynyň özboluşly däplerine eýermegiň, milli aýratynlygyny, halkyň dünýägaraýşyny, häsiýetini we ruhuny saklamagyň, geljeginiň rowaçlyklara beslenmeginiň aýdyň şöhlelenmesidir.

Şeýle-de döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu gün Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň «Türkmen halysy — türkmeniň kalby» atly XXIII mejlisi öz işine başlap, bu giň möçberli, halkara derejeli çäräniň şu dabaraly günlerde geçirilmeginiň aýratyn many-mazmuny bar.

— Asylly däbe öwrülen Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisiniň ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpdürlüligini ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezmäge, oňa gatnaşyjylara özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine pugta ynanýaryn.

Berkarar döwletimiz ösüşiň hem-de döredijiligiň, gurmagyň we kämilleşmegiň, dost-doganlygyň aýdyň ýolundan ynamly öňe barýar. Türkmen el halylaryny dokamak bilen, milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginlerde ösmegine önjeýli goşant goşýan çeper halyçylyk kärhanalarynyň, halyçylyk bilen meşgullanýan telekeçileriň, öz işine berlen ussat halyçylarymyzyň gazanýan üstünlikleri, öňdebaryjy tejribeleri bu gün bizi buýsandyrýar — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda ýazýar.

Döwlet Baştutany Gutlagynyň ahyrynda:

— Goý, çeper elli halyçylarymyzyň daraklarynyň sesi hemişe batly ýaňlanyp dursun! — diýip nygtaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň