Balkan welaýatynda şu ýylyň dört aýynda senagat önümleriniň jemi 6 milliard 559 million manatlyga barabary taýýarlanylyp, içerki we daşarky bazarlara ugradyldy. Olaryň gylla ýaryna golaýy hususy eýeçiligiň paýyna düşýär. Welaýatda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, senagat önümlerini taýýarlamakda gazanylan ösüş depgini 107 göterime golaý ýokarlandyryldy. Şeýle hem şu döwürde dürli görnüşli ýokary hilli azyk önümlerini taýýarlamakda guwandyryjy netijelere eýe bolundy diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynda gazanylýan bu üstünlikler welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şu ýylyň geçen döwründe tutuş welaýat boýunça bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygynyň 2 milliard 592 million manatlyga barabar bolup, bu ugurda 109 göterim ösüş depgininiň gazanylmagy hem muňa aýdyň güwä geçýär. Şunda haryt dolanyşygynyň 2,6 milliard manatlykdan hem gowragy hususy eýeçiligiň paýyna düşýär.

