Türkmenistanyň çempionatynyň 9-njy tapgyrynda «Ahaly» 5:2 hasabynda ýeňen «Arkadag» futbol topary şu möwsümde 30 gol geçiren ilkinji topar boldy. Indi toparyň hasabynda 31 gol bar.
Bu netije bilen Arkadag şäheriniň adybir topary geçiren gollarynyň sany boýunça iň ýakyn bäsdeşlerinden hem iki esseden gowrak öňe geçdi. Ikinji orundaky «Altyn asyr» futbol toparynyň 13 goly bar.
Şeýle hem çempionatyň şu möwsüminde «Köpetdagyň» futbolçylary 10, «Nebitçi» we «Aşgabat» 9, «Şagadam» bilen «Merw» 6, «Ahal» 5, «Energetik» bolsa 3 gol geçirdi.
Tapgyr şu gün geçiriljek üç duşuşyk bilen tamamlanar.