Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Aşgabatda Owganystan boýunça ÝB — Merkezi Aziýa duşuşygy öz işine başlar

12:3125.05.2023
0
16816
Şu gün Aşgabatda Owganystan boýunça ÝB — Merkezi Aziýa duşuşygy öz işine başlar
Surat: newscentralasia.net

Şu gün Aşgabat şäherinde Owganystan boýunça «ÝB — Merkezi Aziýa» görnüşindäki duşuşyk öz işine başlar.

Duşuşyga Türkmenistanyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleri, şeýle hem ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terhi Hakala, ÝB-niň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson gatnaşar.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki günüň dowmynda Owganystandaky wakalary we ykdysady ýagdaýy ara alyp maslahatlaşarlar, şeýle hem owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermekde hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi we umumy gyzyklanma döredýän ugurlarda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi barada pikir alyşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň