Soňky habarlar

Arhiw

Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatynda «möwsümiň iň gowy oýunçysy» boldy

10:3024.05.2023
0
31405

«Kitçiniň» düzüminde çykyş edýän türkmenistanly ýarymgoragçy Ruslan Mingazow futbol boýunça Gonkongyň çempionatynyň 2022/23-nji ýyldaky möwsüminiň «iň gowy oýunçysy» boldy. Bu barada futbolçy jemgyýetçilik torlaryndaky sahypasynda ýazgy paýlaşdy.

«Möwsümiň iň gowy oýunçysy. Ilki bilen, «Kitçidäki» maşgalama, topardaşlaryma we tälimçilerime sagbolsun aýtmak isleýärin. Siz bolmadyk bolsaňyz, men muny başarmazdym. Şeýle-de bu ýere gelen ilkinji günlerimden başlap, maňa Gonkongyň premýer-ligasyndaky iň gowy oýunça öwrülip biljekdigimi aýdan jenap Ken we Aleks Çu daga minnetdarlyk bildirýärin. Ol meniň şu wagta çenli iň uly arzuwym boldy. Ikinjiden, meni hemişe goldan öz maşgalama, uýalaryma, ata-eneme, aýalyma we gyzjagazyma sagbolsun aýdýaryn...

Sözümiň ahyrynda meni oňat adamlar bilen duşuran Gonkonga minnetdarlyk bildirýärin. Bu agşam meniň futbol karýeramdaky ýatdan çykmajak günleriň biri...

Bu möwsüm meniň üçin, şeýle-de toparym we maşgalam üçin hem ajaýyp geçdi» diýip, Ruslan Mingazow öz duýgularyny paýlaşdy.

Ýeri gelende bellesek, netijeli geçen möwsümde «Kitçi» bilen çempionlygyny baýram eden Mingazow Gonkongyň çempionatynyň 18 oýnunda meýdança çykyp, 17 gol geçirmegiň hötdesinden geldi. Şeýlelikde, ol çempionatyň iň köp gol uran üç oýunçysynyň biri boldy.

Mundan başga-da, Mingazow şu möwsümde «Kitçiniň» düzüminde Gonkongyň Kubogyna Gonkong Senýor Şild kubogyna mynasyp boldy.

Maglumat üçin, Ruslan Mingazow 2022-nji ýylyň mart aýynda erkin agent hökmünde «Kitçiniň» düzümine goşulypdy. «Kitçi» 2023-nji ýylyň başynda Mingazow bilen şertnamanyň 2025-nji ýyla çenli uzaldylandygyny mälim etdi. Häzirki wagtda oýunçynyň transfer bahasy 550 müň ýewro barabar hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň