Top.Mail.Ru

Gazagystan türkmen-owgan serhedindäki galla terminalynynyň işini işjeňleşdirýär

10:4823.05.2023
0
19604

Gazagystan türkmen-owgan serhedindäki galla terminalynyň taslamasynyň çalt depginde durmuşa geçirilmeginiň tarapdary. Bu mesele Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň 12-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýar mälim etdi.

Mejlisde taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň başga-da birnäçe meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda energetika, ulag-logistika, oba hojalygy ýaly pudaklara aýratyn üns berildi.

Gazagystanyň Söwda ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 72% ýokarlanyp, 438 million amerikan dollara barabar boldy. 2021-nji ýylyň dowamynda bu görkeziji 254 million dollara deň bolupdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň bazary Gazagystanyň gaýtadan işlenen önümleriniň eksporty üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy «KazakhExport» paýdarlar jemgyýeti bilen Gazagystan Türkmenistanyň banklarynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çagyryldy.

Mundan başga-da, ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlygy has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesini ösdürmek we demir ýol ulgamynda çeýe bäsdeşlik nyrh syýasatyny döretmek boýunça bilelikdäki işleri dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň