Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisinde Gruziýanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

22:3122.05.2023
0
20127

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistan — Gruziýa parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwiliniň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen Gruziýanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň Başlygy myhmanlary mähirli garşylap, häzirki wagtda parlamentarileriň döwlet durmuşynda barha artýan ornuny belledi.

Türkmenistan — Gruziýa parlamentara dostluk toparynyň başlygy gruzin-türkmen gatnaşyklarynyň oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belledi hem-de parlamentara hyzmatdaşlygyň bu gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýandygyny aýtdy.

Taraplar duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtap, şeýle-de dostlukly ýurtlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge, hususan-da, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Şeýle-de iki ýurduň iri halkara düzümleriň ugry boýunça, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde, işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri barada aýdyldy.

Duşuşygyň dowamynda myhmanlar milli parlamentiň alyp barýan esasy işleri hem-de wezipeleri, onuň düzümi we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, kanunçykaryjylyk ulgamynda geçirilýän özgertmeler bilen baglylykda ýerine ýetirýän iş ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Duşuşykda tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek, parlament diplomatiýasynyň hem-de bar bolan parlamentara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini doly herekete getirmek meselelerine garaldy. Soňky ýyllarda iki ýurduň gatnaşyklarynyň barha artýan ösüş depginleriniň köpugurly hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga özara gyzyklanma bilen şertlendirilýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar şu gezekki pikir alyşmalaryň iki ýurduň hem-de halkyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň