Arhiw

Mejlisiň Başlygy Kipr Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

22:1622.05.2023
0
21875

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kipros Ýorgallisden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna Kipr Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Ilçi Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Nygtalyşy ýaly, giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Şeýle-de diplomat Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi, dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny üpjün etmek, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Parlamentara gatnaşyklary, şol sanda halkara parlament düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy.

Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi öz ýurdunyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, özara bähbitlere laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň