Türkiýäniň daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlary geçen şenbe güni Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ses berdiler. Dünýäniň 73 ýurdunda saýlaw uçastoklarynyň 167-si açyldy diýip, «Anadolu» habarlar gullugyna salgylanýan «Tengrinews.kz» habar berýär.
Daşary ýurtlardaky wekilhanalarda ses berlişik 24-nji maýa çenli dowam eder. Ýurduň serhetýaka, guryýer gözegçilik-geçiriş nokatlarynda, howa menzilleridir deňiz duralgalarynda 28-nji maýa, sagat 17:00-a çenli ses berip bolar.
Bellige alnan türk saýlawçylarynyň iň köp ýaşaýan ýeri Germaniýadyr, bu ýerde olaryň 1,5 milliondan gowragy bar.
Saýlawlarda ýurduň häzirki Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen oppozisiýadan bolan ýeke-täk dalaşgär Kemal Kylyçdaroglu bäsleşýär.
Türkiýäniň özünde saýlawlaryň ikinji tapgyry 28-nji maýda geçer. Birinji tapgyrda Ärdogan Kylyçdarogludan dört ýarym göterim bilen öňe saýlanmagy başardy