Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Wýetnam bilen Angliýanyň arasynda ýük daşamagy ýola goýdy

10:5722.05.2023
0
29032

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Wýetnam bilen Angliýanyň arasynda haryt daşamagy amala aşyran ilkinji awiakompaniýa boldy. Bu barada «Nhan Dan» agentligi «TT Meridian» halkara söwda we logistika kompaniýasyna salgylanyp habar berýär.

«Täze ugur «Turkmenistan Airlines» awiakompaniýasy tarapyndan dolandyrylýar we awiakompaniýa häzirlikçe Angliýa bilen Wýetnamyň arasyndaky ýeke-täk ýük gatnawçysydyr» diýlip, habarda bellenilýär.

Bu ugur ikitaraplaýyn söwdanyň ösmegine itergi berer diýlip garaşylýar.

Ozal Türkmenistana Fransiýa Respublikasynyň «Airbus S.A.S» kompaniýasynyň «Airbus 330-200» kysymly «P2F» görnüşli iki sany täze ýük uçarlarynyň getirilendigi barada habar beripdik. «Airbus A330-200P2F» dürli konfigurasiýaly ýükleri uzak aralyklara daşamak üçin niýetlenilendir. Daşalýan ýükleriň agramy 61 tonna ýetip biler. Şeýle uçarlar bilen ýüki 7,700 km uzaklyga eltmek mümkinçiligi bardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň