«MiniBoss Business School» «VR-School» taslamasynyň tanyşdyrylyşy bilen tanyşmaga çagyrýar

10:2122.05.2023
0
18457

«Iş Nokady» kompaniýasy we «MiniBoss Business School» Halkara işewürlik-mekdebi çagalary we olaryň ene-atalaryny «VR-School» taslamasyna bagyşlanan Açyk gapylar güne çagyrýar.

«VR-School» taslamasy (ýa-da wirtual hakykylyk mekdebi) mekdep maksatnamasynyň himiýa, biologiýa, fizika, astronomiýa, şeýle hem ýaşaýyş-durmuş esaslary ýaly derslerini öwretmekde düýpgöter täzeçe çemeleşme. VR-äýneginiň ulanylmagy wizual mazmuny has gowy özleşdirmäge, synpdan çykman gyzykly gezelenç etmäge we okuw prosesine doly aralaşmaga mümkinçilik berýär.

«MiniBoss Business School» mekdebinde okuwçylar hususy taslamalaryny döredýärler, olary ýurduň içindäki başlangyç taslamalaryň forumynda, şeýle hem dürli ýurtlaryň wekilleriniň arasynda geçirilýän milli çempionatda tanyşdyrýarlar we «VR-School» hem olaryň döreden taslamalarynyň biridir.

Okuwyň çäklerinde çagalar VR-äýneginiň kömegi bilen synagdan geçýärler we meseleleri çözýärler, şeýlelikde, logiki pikirlenmek hem-de toparlaýyn işlemek endiklerini ösdürýärler.

Çäre 27-nji maýda sagat 14:00-da «Berkarar» işewürlik merkezinde, «Iş Nokady» kompaniýasynyň ofisiniň 1-nji gatynda geçiriler.

10 ýaşdan uly çagalar çagyrylýar. Gatnaşmak üçin töleg: 50 manat.

Salgy ýa-da (+993 12) 46 81 65 telefon belgisi arkaly öňünden hasaba alynmak zerurdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň