Turkmenportal logo
21.05.23
1990719907
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň kubogy ― 2023: çärýe finalyň jogap duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

“Arkadag” – “Köpetdag” – 4:1


Gollar: 15 (11 m.j.u.) Didar Durdyýew, 31 Mekan Saparow, 36 Arslanmyrat Amanow, 61 Yhlas Toýjanow – 25 Ýazgylyç Gurbanow.


― Bu duşuşyk «Arkadag» futbol toparynyň 10-njy resmi duşuşygydyr.


― Kubok ýaryşynyň şu möwsüminde 6-njy goluny geçiren Didar Durdyýew iň netijeli futbolçylaryň başyny çekýär.


― Bu duşuşyk gaýtadan döredilen «Köpetdagyň» Türkmenistanyň kubogyndaky 30-njy duşuşygydyr.


― «Köpetdag» Kubok duşuşyklarynda 10-njy gezek ýeňildi.


― Didar Durdyýew bilen Yhlas Toýjanow «Arkadagyň» Kubok ýaryşynda «Köpetdag» bilen geçiren iki duşuşygynda hem tapawutlandy.



“Aşgabat” – “Merw” – 2:2


Gollar: 21 Röwşen Baýlyýew, 53 Begmyrat Pirkulyýew – 88 (11 m.j.u.), 90+1 Alibek Abdyrahmanow.


― Begmyrat Pirkulyýew Türkmenistanyň kubogynyň şu möwsüminde tapawutlanan 20-nji futbolçy boldy.


― Kubok ýaryşynyň şu möwsümindäki gollarynyň sanyny 4-e çykaran Alibek Abdyrahmanow iň netijeli futbolçylaryň ýaryşynda ikinji orna göterildi.


― Alibek Abdyrahmanow çärýek finalyň iki duşuşygynda hem goşa goldan geçirdi.


― Kubok ýaryşynda 2015-nji ýyldan bäri 11-nji goluny geçiren Alibek Abdyrahmanow şol möwsümden bäri bu ýaryşda iň kän tapawutlanan futbolçylaryň arasynda üçünji orna göterildi. Sanawyň birinji basgançagynda 17 golly Didar Durdyýew, ikinji ornunda bolsa 12 golly Kerim Hojaberdiýew bar.


― Begmyrat Pirklulyýew Türkmenistanyň kubogyndaky ilkinji goluny geçirdi.


― «Aşgabat» ýaryşda 10-njy gezek deňme-deň oýnady.



“Şagadam” – “Ahal” – 0:3


Gollar: 8, 25 Pirmyrat Sultanow, 70 Meýlis Diniýew.


― Ýaryşda 2015-nji ýyldan bäri 10-njy goluny geçiren Pirmyrat Sultanow bu sepgide ýeten dördünji futbolçy boldy. Ol Kubok ýaryşyndaky gollaryny «Köpetdagyň», «Ahalyň» we «Aşgabadyň» düzüminde geçirdi.



“Nebitçi” – “Altyn Asyr” – 0:2


Gollar: 25, 60 Rahman Myratberdiýew.


― Rahman Myratberdiýew Türkmenistanyň kubogyndaky ilkinji goluny geçirdi.