Turkmenportal logo
21.05.23
2307123071
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň kubogy ― 2023: ýarym finalda Türkmenistan derbisi oýnalar
Türkmenistanyň kubogy ― 2023: ýarym finalda Türkmenistan derbisi oýnalar

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynda ýurduň häzirki wagtda iň güýçli iki topary biri-birine garşydaş bolar.


Has takygy, çärýek finalda, degişlilikde, «Köpetdag»bilen «Nebitçini» ýaryşdan çykaran «Arkadag» we «Altyn asyr» futbol toparlary ýarym finalda biri-birine garşydaş boldular.


Häzir bu iki toparyň Türkmenistanyň çempionatynda hem üstünlikli çykyş edip gelýändigini ýatladýarys. Çempionatda biri-biri bilen ilkinji gezek 8-nji tapgyrda duşuşyp görjek toparyň biri ― «Arkadag» topary 18 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär, ikinjisi ― «Altyn asyr» bolsa ikinji orunda barýar.


Şeýlelikde, ýarym finalda futbol janköýerleri final derejesindäki iki duşuşyga tomaşa edip bilerler. «Arkadag» ― «Altyn asyr» jübütleriniň ýeňijisi «Merw» ― «Ahal» jübütleriniň ýeňijisi bilen finala çykar.


Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Kubok ýaryşynda ýarym final we final duşuşyklarynyň geçiriljek wagty barada heniz habar bermedi.