Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda, esasan, senagat desgalary gurlar

23:0320.05.2023
0
63322

Habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň abadançylyk we arassaçylyk derejesini yzygiderli üpjün etmek bilen bagly meselä seredildi.

Şeýle hem bu ýerde polipropilenden hem-de polietilenden Türkmenistanda öndürilen lukmançylyk serişdeleriniň birnäçe görnüşleri görkezildi. Bellenilişi ýaly, bu önümler hil we häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň talaplaryna laýyk gelmegi babatda ýokary halkara görkezijilere kybapdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynda, esasan, senagat toplumyna degişli önümçilik desgalarynyň guruljakdygyny aýdyp, bu işleriň milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Şeýle-de bu ýerde öndüriljek önümleriň ýurduň eksport kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda möhüm orun eýelejekdigine ynam bildirdi.

Arkadag şäherinde guruljak senagat desgalarynyň häzirki zamanyň ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy ýerli çig mallardan taýýarlanylýan önümleriň ýokary hil derejesi, berkligi we uzak möhletleýinligi babatda tapawutlanmalydygyny aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän çig mallary senagat taýdan gaýtadan işleýän önümçilik toplumyny gurmak, şäheriň jemagat hojalygynyň işi ýokary derejede guramagy üçin häzirki zaman tehnikalaryny we beýleki döwrebap enjamlary almak, olary netijeli ornaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryndan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna gatnaşjak ýerli gurluşyk kompaniýalaryny seçip almak bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň