Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki işleriň ýagdaýy we şäheriň gijeki yşyklandyrylyşy bilen tanyşdy

22:4020.05.2023
0
38371

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de şäheriň gijeki yşyklandyryş işleri bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň awtobus duralgalaryny synlady. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew şäheriň çäginde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň ýangyna garşy göreş gullugynyň edara binasy, onuň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen gyzyklandy.

Şeýle-de saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirligine bardy we bu ýerde şäheri sanlylaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde zähmet çekýän hünärmenler bilen söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri bilen gyzyklandy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gijeki görnüşlerini synlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň