18-19-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Şu gün — 19-njy maýda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde birinji «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti ýokary derejede geçirildi. Oňa Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sammitde çuň many-mazmunly çykyş edip, birnäçe oňyn teklipleri öňe sürdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, sammitiň çäklerinde alty ýurduň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň guralynyň resmi taýdan döredilýändigi hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýokary derejede özara gatnaşyklary ösdürmegiň toplumlaýyn meýilleşdirilişini pugtalandyrmaga taýýardygy aýdyň beýanyny tapdy.
Saparyň dowamyndaky çäreler tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäheriniň Sýanýan Halkara howa menziline bardy. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny tamamlap, Aşgabada ugrady. Howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar ugratdylar.
Hytaýyň Sian şäherinden ugur alan Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary birnäçe sagatdan soňra Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Olar döwlet Baştutanyny Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň üstünlikli tamamlanmagy we «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitinde eden çuň manyly çykyşy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Sian şäherinde ýokary derejede geçirilen duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkdigini görkezip, netijeli altytaraplaýyn gatnaşyklar üçin täze eýýamy açdy.
Sammitiň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ýakyn geljekde oňyn gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berip, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylyga, durnuklylyga, ösüşe we rowaçlyga uly goşant bolar.
Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu sapary şu ýylda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran ikinji saparydyr. Saparyň birinji gününde, «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitiniň öňüsyrasynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda gol çekilen 5 sany resminama türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.