Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Hytaýda kabul edişlik dabarasyna gatnaşdy

22:4118.05.2023
0
24547

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar.

Şu gün agşam Prezident Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň adyndan, «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň hormatyna guralan kabul edişlik dabarasyna gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Sammite gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki ýadygärlik surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklarynyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasyna hem-de Merkezi Aziýa — Hytaý ýaşlarynyň sungat festiwalyna bagyşlanan şowhunly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Onuň maksatnamasyna aýdym-sazly, folklor-etnografik, tansly çykyşlar, halk we häzirki zaman aýdymlary girizildi.

Mälim bolşy ýaly, Hytaýyň Sian şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti — Türkmenistanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň arasyndaky ýokary derejedäki duşuşyk ählitaraplaýyn görnüşde döwletara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga kuwwatly itergi bermäge, geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze gurallaryny kesgitlemäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň