Soňky habarlar

Arhiw

BMG Türkmenistanyň başlangyjy bilen 26-njy noýabry Bütindünýä durnukly ulag güni diýip yglan etdi

11:5218.05.2023
0
26197

Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Täze Kararnama laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, BMG-niň bu halkara resminamasyna dünýä ýurtlarynyň 67-den gowragy awtordaş bolup çykyş etdi. BMG-de bu Kararnama kabul edilende, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ozal kabul edilen şeýle resminamalara salgylanyldy.

Täze Kararnamada BMG Türkmenistanyň Hökümetiniň 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyny, şeýle hem Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň 2022-nji ýylda Awazada geçirilen halkara maslahatyny guramak bilen baglanyşykly tagallalarynyň we bu forumyň Jemleýji Beýannamasynyň ähmiýetlidigine kanagatlanma bildirdi.

Resminamada BMG-ä agza döwletleriň, halkara, sebitara guramalaryň, raýat jemgyýetçiliginiň, şol sanda hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, şahsy taraplaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň hemmesine Bütindünýä durnukly ulag gününi dabaralandyrmak teklip edilýär. Şeýle hem durnukly ulag ulgamy boýunça, hususan-da, halkara ulag gatnawlaryny artdyrmak, ekologiýa ulaglarynyň ösüşine ýardam bermek, durmuş taýdan bähbitli ulag düzümleriniň we durnukly ulagyň beýleki ulaglarynyň ösdürilmegine ýardam bermek boýunça jemgyýetçilik biliminiň artdyrylmagyna gönükdirilen düşündiriş işlerini we çäreleri geçirmek bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmeginde Türkmenistanyň başlangyjy bilen ilkinji gezek geçirilen ählumumy maslahatyň geçirilen senesiniň seçilip alynmagynda çuňňur many bar. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan tarapyndan öňe sürýän tutuş dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalary kabul etdi. Bu möhüm resminamalar Türkmenistanda ulag ulgamy boýunça birnäçe iri halkara forumlaryň geçirilmegi üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň