Türkmenistanda Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanan seminarlar tamamlandy

18:3017.05.2023
0
12628

2—16-njy maý aralygynda Aşgabatda we ýurduň ähli welaýatlarynda «Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça kanunçylygynyň halkara hukugynyň kadalary bilen sazlaşdyrylmagy» atly seminarlar geçirdi. Seminarlar Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna, şeýle hem Wena Jarnamasynyň we Hereket Maksatnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyldy.

Ýeri gelende bellesek, seminarlar Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi we ýerli gurluşlarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, kazyýetleriň, saglygy goraýyş, bilim, ilaty durmuş taýdan goramak, maliýe we ykdysadyýet edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Zenanlar Birleşigi, Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy, Kärdeşler arkalaşyklary ýaly jemgyýetçilik guramalarynyň, adwokatlar kollegiýasynyň, Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň agzalary, şeýle hem ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri seminarlara gatnaşdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) metbugat beýanatyna görä, seminara gatnaşyjylara adam hukuklary babatynda halkara konwensiýalaryň, kazyýetleriň, aklawçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň işine degişli halkara kadalaryň we ülňüleriň ýygyndylary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň