Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça U-20 ýygyndysynyň sebit ýaryşyndaky duşuşyklarynyň geçiriljek günleri belli boldy

10:4617.05.2023
0
27347

Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy 21 ― 28-nji maý aralygynda Täjigistanyň Duşenbe we Tursunzade şäherlerinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň 4-nji çempionatyna gatnaşar.

Bir aýlawdan ybarat boljak ýaryşda türkmen futbolçylary Eýranyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Owganystanyň ýygyndylary bilen güýç synanyşarlar. Ýaryşyň dowamynda oýnaljak 10 duşuşygyň 5-si Duşenbe şäherindäki SSKA, galan 5-si bolsa Tursunzade şäherindäki «TALKO-Arena» stadionynda bolar. Ýaryşyň netijesinde iň kän utuk toplan ýygyndy «CAFA-nyň çempiony» diýlip yglan ediler.

20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky sebit çempionatlary mundan ozal 2016-njy, 2019-njy we 2022-nji ýyllarda geçirilipdi. Daşkentde geçirilen ilkinji çempionatda Özbegistanyň ýygyndysy çempion bolan bolsa, Duşenbe şäherinde guralan soňky iki ýaryş Eýranyň ýygyndysynyň çempionlygy bilen tamamlandy.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň ýaryşda geçirjek duşuşyklarynyň tertibi:

21-nji maý (ýekşenbe)

17:00 – Türkmenistan – Owganystan

22-nji maý (duşenbe)

17:00 – Türkmenistan – Özbegistan

24-nji maý (çarşenbe)

17:00 – Täjigistan – Türkmenistan

26-njy maý (anna)

17:00 – Eýran ― Türkmenistan.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň