Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

10:3317.05.2023
0
29614

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe şanly 70 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Habarda beýan edilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewe iberen gutlag hatynda: «Siziň alyp barýan döredijilikli syýasatyňyz we amala aşyrýan özgertmeleriňiz netijesinde, halkyň hal-ýagdaýy ýokarlanýar, ýurduň ykdysady kuwwaty berkeýär. Biz doganlyk Gazagystanyň soňky ýyllarda gazanan üstünliklerine guwanýarys. Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli giňelip, täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Şunuň bilen baglylykda, däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklarymyzy ösdürmäge Siziň ägirt uly şahsy goşandyňyzy bellemek zerurdyr. Türkmen-gazak strategik hyzmatdaşlygynyň hoşniýetli goňşuçylyk we tüýs ýürekden ynanyşmak ruhunda geljekde-de hemmetaraplaýyn pugtalandyryljakdygyna çuňňur ynanýaryn» diýip, belläp geçýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatynyň ahyrynda, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi şanly ýubileýi bilen ýene-de bir gezek gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, üstünlik, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň