Turkmenportal logo
17.05.23
2263522635
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny Konstitusiýa güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny Konstitusiýa güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Norwegiýanyň Patyşasy Harald V-ä Norwegiýanyň milli baýramy — Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.


Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Harald V-ä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Norwegiýanyň Patyşalygynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdi.