Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň U-23 ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny biler

11:3816.05.2023
0
32398

Türkmenistanyň futbol boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky bäsdeşlerini 25-nji maýda biler. Şol gün AFK-nyň Kuala-Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda yklym ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň bijeleri çekiler.

Bije çekişlik Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da başlanar. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Bije çekişlige 44 ýygyndy gatnaşýar. Olar öz aralarynda 11 toparça bölüner. Her toparçanyň ýeňijisi we ikinji orny eýelänleriň iň gowy dördüsi yklym ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. Ýaryş geljek ýylda Katarda geçiriler. Şonuň üçin Kataryň ýygyndysy ýer eýesi hökmünde hiç hili saýlama duşuşyk geçirmän, final tapgyryna gönüden-göni gatnaşar.

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy bije çekişlige birinji sebetden gatnaşar. Ýygyndynyň Aziýanyň kubogy ― 2022-däki üstünlikli çykyşy onuň taryhda ilkinji gezek bije çekişlige birinji sebetden goşulmagyny üpjün etdi.

AFK saýlama duşuşyklary geçirmek üçin 11 döwleti saýlady. Olar Täjigistan, Özbegistan, Bahreýn, HHR, Indoneziýa, Iordaniýa, Koreýa Respublikasy, Kuweýt, Saud Arabystany, Tailand we Wýetnamdyr. Duşuşyklar şu ýylyň 4 ― 12-nji sentýabry aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň