«Žalgirisiň» türkmenistanly futbolçysy Maýa Musaskaýa täze toparynda ilkinji goluny geçirdi.
23 ýaşly futbolçy gyz Litwanyň zenanlar çempionatynyň 7-nji tapgyrynda «Banga» bilen geçirilen we 4:1 hasabynda «Žalgirisiň» peýdasyna tamamlanan duşuşygyň 41-nji minudynda geçirilen goluň awtorydyr. Musaskaýa duşuşykda başdan-aýaga meýdanda boldy ― diýip, toparyň resmi saýty ýazýar.
Bu ýeňişden soň utugyny 13-e çykaran «Žalgiris» ikinji orna göterildi, 12 utukly «Banga» bolsa üçünji orna düşdi.
Musaskaýa «Žalgirise» şu ýylyň başynda Türkiýäniň «Dudullusporundan» geçdi.