Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkiniň golaýyndaky Espoo şäherinde wagtlaýyn köpri ýykylyp, 24 adam ejir çekdi we olaryň köpüsi sekizinji synp okuwçylarydyr diýip, «Reuters» habarlar gullugyna salgylanýan «Informburo.kz» ýazýar.
Ýurduň polisiýasy wagtlaýyn gurlan köprüniň fanerden gurlandygyny anyklady.
«Alnan şikesler ejir çekenleriň janyna howp salmaýar» diýip, Helsinkiniň hassahanasynyň habarnamasynda aýdylýar.
Köpri syýahatdan gaýdyp gelýän mekdep okuwçylarynyň topary geçip barýarka, ýykylypdyr. Onuň gurluşyk işleri üçin wagtlaýyn gurlandygy habar berilýär.