Turkmenportal logo
11.05.23
2650726507
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanda Prezidentiň möhletinden öňki saýlaw möwsümine badalga berildi
Özbegistanda Prezidentiň möhletinden öňki saýlaw möwsümine badalga berildi

10-njy maýda Özbegistanda möhletinden öňki Prezident saýlaw möwsümine badalga berildi. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nyzamhojaýew habar berdi diýip, TASS habarlar gullugy ýazýar.


Nyzamhojaýew Prezident saýlawlarynyň 9-njy iýulda geçjekdigini ýatlatdy.


8-nji maýda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew döwlet Baştutanynyň möhletinden öňki saýlawlaryny geçirmek barada buýruga gol çekdi. Mundan öň Prezident tarapyndan ýurtda möhletinden öň saýlawlary geçirmäge rugsat berýän Kanuna gol çekilipdi. Resminama Parlamentiň aşaky palatasy tarapyndan kabul edildi, Senat tarapyndan makullanyldy we 8-nji maýda güýje girdi.


Öň Özbegistanyň Saýlaw kodeksi möhletinden öňki saýlawlary diňe Prezidentiň öz wezipe ygtyýarlylyklaryny berjaý etmäge mümkinçiligi bolmadyk halatynda üç aýyň dowamynda geçirmäge rugsat berýärdi. Bu döwürde döwlet Baştutanynyň wezipe borçlary Senatyň başlygyna geçýärdi.