Öňdebaryjy «Elsevier» ylmy neşirýatyny 40-dan gowrak alym terk etdi, olaryň hatarynda «Neuroimage» žurnalynyň akademiki geňeşiniň agzalary hem bar. «Munuň sebäbi neşirýatyň ylmy işleri çap etdirmek üçin tölegleri arzanlatmakdan ýüz öwürýändigidir» diýlip, «The Guardian» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Habarda neşirýatyň girdejileriniň «Google» we «Amazon» kompaniýalarynyňkydan hem köpdügi bellenýär.
«The Guardian» gazetiniň ýazmagyna görä, ylmy işleri çap etmek bilen meşgullanýan neşirýatyň garşysyna nägilelik çykyşlaryny bütin dünýäniň alymlary goldapdyrlar.
Dünýäniň bu iri neşirýatynda ylmy işi çap etdirmek üçin alymlar 2700 ýewro tölemeli, sebäbi bu neşirýatyň abraýyny görkezýär. «Elsevier» neşirýatynyň redaksiýasynyň öňki agzalary bu ýygymlaryň etiki talaplara laýyk däldigini hem-de neşirýatyň çykdajylaryndan köp esse artykdygyny aýtdylar.
Niderlandlaryň «Elsevier» kompaniýasy dünýäniň alymlarynyň ylmy işleriniň 25 göterimini çap edýändigini aýdýar. 2022-nji ýylda onuň girdejileri 10 göterim ýokarlanyp, 2,9 milliard funt sterlinge deň boldy.