Türkmenistanyň futzal ýygyndysy täzelenen reýtingdäki ýerini bildi

14:2108.05.2023
0
43582

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy täzelenen bütindünýä reýtinginde 71-nji orny eýeledi. Sanaw dolulygyna Futsal World Ranking saýtynda paýlaşyldy.

Häzirki wagtda türkmen ýygyndysynyň 879 utugy bar.

Sanawda ilkinji onluga Braziliýanyň, Pportugaliýanyň, Ispaniýanyň, Argentinanyň, Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Marokkonyň, Paragwaýyň we Ukrainanyň ýygyndylary girýär.

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýada 14-nji orny eýeleýär. Yklym boýunça ilkinji bäşlige Eýranyň, Ýaponiýanyň, Özbegistanyň, Tailandyň we Awstraliýanyň ýygyndylary girýär.

Türkmen ýygyndysyna şu ýyl Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama duşuşyklary garaşýar. Bu duşuşyklar 2 ― 13-nji oktýabr aralygynda geçiriler. Olaryň bije çekişliginiň we özüniň geçiriljek ýeri biraz soňrak belli bolar.

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň Aziýanyň çempionatyna 2005, 2006, 2007, 2008, 2010, 2012 we 2022-nji ýyllarda ― jemi 7 gezek gatnaşandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň