Turkmenportal logo
08.05.23
3385433854
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ärdoganyň saýlawdan öňki ýygnanyşygyna 1,7 million adam gatnaşdy
Ärdoganyň saýlawdan öňki ýygnanyşygyna 1,7 million adam gatnaşdySurat: report.az

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň 14-nji maýda geçjek döwlet Baştutanynyň saýlawlary bilen bagly ýekşenbe güni Stambul şäherindäki ýygnanyşygyna 1,7 million adam gatnaşdy diýip, «Haber Global» neşirine salgylanýan «Report.az» ýazýar.


«Maňa gelip gowşan resmi maglumatlara görä, mitinge 1,7 million töweregi adam gatnaşdy. Eger Stambuluň ýaşaýjylary saýlawlarda meni goldasalar, Prezidenti saýlamak meselesi çözüldi diýse bolar» diýip, Ärdogan aýtdy.


Stambuluň öňki Atatürk adyndaky halkara howa menziliniň çägindäki seýilgähde geçen ýurduň liderini goldamak tutumyny Ärdoganyň dolandyrýan Adalat we ösüş partiýasy gurady.