Gazagystan Mangistau sebitinde Türkmenistan we Özbegistan bilen serhetdäki barlag-goýberiş nokatlaryny döwrebaplaşdyrýar. Bu barada ýurduň Döwlet girdeji departamentiniň Mangistau sebiti boýunça metbugat gullugyna salgylanyp, «Sputnik» gullugy habar berdi.
Türkmenistan bilen serhetdäki «Temir-Baba» we Özbegistan bilen serhetdäki «Tažen» barlag-goýberiş nokatlaryny abadanlaşdyrmak we enjamlaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu iş barlag-goýberiş nokatlarynyň geçirijiligini hem-de dolanyşygyny artdyrar. Şoňa laýyklykda, barlag-goýberiş nokatlary täze aragatnaşyk we maglumat geçiriş tehnologiýalary, şahsyýetlere, goşlara, harytlara we ulaglara gözegçilik etmek üçin enjamlar bilen enjamlaşdyrylar.
Taslamany durmuşa geçirmegiň çäginde barlag-goýberiş nokatlary enjamlaşdyrylanda ulag serişdeleriniň akymynyň kesişmeginiň öňüni almak maksatlary hem göz öňünde tutular. Şeýle hem ammarlar, awtoulag duralgalary, karantin duralgalary, uly/agyr ulaglar üçin aýratyn zolaklar hem enjamlaşdyrylar. Awtoulag zolaklarynyň sany ikiden alta çenli artdyrylar.
Taslamanyň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär. Döwrebaplaşdyrma işlerinden soň barlag-goýberiş nokatlarynyň geçirijilik kuwwatyny 8-12 esse köpeltmek we wagty bir sagatdan 25 minuda çenli azaltmak meýilleşdirilýär.