Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4 aýyň jemine bagyşlanan mejlisi geçirildi

21:5103.05.2023
0
24392
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4 aýyň jemine bagyşlanan mejlisi geçirildi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Gün tertibine, şeýle hem ýurtda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Mejlisde ilki Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew garalýan döwürde Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksady hem-de olary iň täze tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Milli goşunyň düzüm böleklerine sanly ulgamy ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hasabatda beýan edilen meseleleri öz içine aldy.

Şeýle hem Ýaragly Güýçlerde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň ilkinji nobatdaky wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

— Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenilen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak gerek — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary, şol sanda esgerleriň hem-de harby talyplaryň arasynda türkmen halkynyň harby ýörelgeleri esasynda, şeýle hem Watana bolan söýgi we watançylyk ruhunda terbiýeçilik işlerini guramak bilen baglanyşykly görkezmeleri berdi.

Şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe 9-njy maýda Aşgabadyň «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda hem-de ýurduň welaýatlarynda Beýik Ýeňiş güni mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpјün etmek tabşyryldy.

Soňra ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berk berjaý edilişine gözegçilik boýunça geçirilen çäreler, işgärleriň netijeli gulluk etmegi we mynasyp durmuşy üçin döredilýän şertler, degişli düzümlerde ýylyň başyndan bäri ulanmaga berlen desgalar, ozal berlen tabşyryklaryň, degişli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, düzümleriň işini kämilleşdirmek, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurtda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk ygrarlydygyny tassyklady.

— Türkmenistan dünýäniň ýurtlary hem-de halklary bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýar — diýip, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy bu ýörelgelerden ugur almak bilen, ýurduň Harby doktrinasynyň diňe goranyş häsiýetine eýedigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki meselelere hem garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň