Soňky habarlar

Arhiw

Baýramdurdy Nurmuhammedow dünýä çempionatyny ýeňiş bilen başlady

20:5003.05.2023
0
42821

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen boksçysy Baýramdurdy Nurmuhammedow Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilýän boks boýunça dünýä çempionatynda ilkinji tutluşygynda ringe çykdy. Birinji orta agram derejede gecirilen söweşde onuň garşydaşy kongoly Stewe Mbiýa Kulenguluka boldy. Doly 5 raund dowam eden tutluşykda eminleriň gelen netijesine laýyklykda türkmen boksçysy Baýramdurdy Nurmuhammedow ýeňiş gazandy.

Mundan ozal, Türkmenistanyň boks boýunça erkekler ýygyndysynyň türgeni Hursant Imankulyýewiň Daşkent şäherinde (Özbegistan) geçirilýän dünýä çempionatynda ilkinji tutluşygyny geçirip, birinji ýarymorta agram derejede Belarus Respublikasyna wekilçilik edýän Dmitriý Deşkewiçi ýeňlişe sezewar edendigini habar beripdik.

Daşkentde geçirilýän boks boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklaryna Türkmenistanyň çäginde «Матч Тв» we «Матч! Боец» rus teleýaýlymlary arkaly tomaşa etmek mümkin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň