Turkmenportal logo
03.05.23
4976049760
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda fransuz dili boýunça Olimpiada geçiriler
Aşgabatda fransuz dili boýunça Olimpiada geçiriler

Türkmenistandaky Fransuz instituty fransuz dili olimpiadasyny geçirer. Oňa Aşgabat we sebitlerdäki türkmen mekdeplerinde, şeýle hem Fransuz institutynda fransuz dilini öwrenýän çagalar we ýetginjekler gatnaşyp bilerler.


Olimpiada gatnaşmak üçin 5-nji maýa çenli hasaba ýazlyp bilersiňiz.


Synag iki tapgyrda geçiriler. Fransuz institutynyň Türkmenistanda üçünji gezek şeýle olimpiada guraýandygyny ýatladýarys.


Habarlaşmak üçin:


  • E-poçta: ift.culture@gmail.com
  • Telefon belgileri: (+99312) 36 83 70; 36 83 71; 36 83 72 (duşenbe —anna günleri, 14:00-dan 19:00-a çenli).