Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen bedewlerini wasp etmek boýunça bäsleşigiň ýeňijileri sylaglandy

13:4830.04.2023
0
30316
Türkmen bedewlerini wasp etmek boýunça bäsleşigiň ýeňijileri sylaglandy
Surat: Türkmenmetbugat

Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň barşynda şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda hem-de teleýaýlymlarda türkmen bedewiniň keşbini çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, bu bäsleşigiň baş maksady ajaýyp we akylly bedewiň türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän ornuny açyp görkezmekden ybaratdyr.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baş baýraklar şu ýeňijilere — Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewe «Berkarar we Bagtyýar» atly haly eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Şirin Gylyjowa «At şaý-sep toplumy» atly eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Zakirjan Babaýewe «Şan-şöhrat getiren türkmen bedewi» atly nakgaş eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Kerim Soltanowa «Behişdi bedew» atly heýkel eseri, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň kompýuter operatory Merdan Kyýasowa «Türkmen bedewleri» atly fotoişi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň teleoperatorlar toparynyň üçünji derejeli teleoperatory Muhammetgeldi Gulowa «Bedewler» atly wideoşekili üçin «Tolkun» nyşanly telewizorlar we degişli diplomlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň