Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Kararlara gol çekdi

22:3628.04.2023
0
40518

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek hem-de Ýer ýüzünde atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, assosiasiýanyň agzalarynyň sanyny artdyrmak, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri atçylyk pudagyna giňden ornaşdyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň Teswirnamasyna laýyklykda, assosiasiýanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kararlara gol çekdi.

Resminamalara laýyklykda:

— Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna daşary ýurtlaryň degişli raýatlaryny kabul etmek;

— Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna Türkmenistanyň degişli raýatlaryny kabul etmek;

— Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisini 2024-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň