Soňky habarlar

Arhiw

CAFA NATIONS CUP-2023: Türkmenistan «A» toparça düşdi

17:1926.04.2023
0
35755

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 11-20-nji iýun günleri Merkezi Aziýa futbol Assosiasiýasynyň ilkinji çempionaty — CAFA NATIONS CUP-2023 ýaryşy geçiriler. Oňa Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem gatnaşar. Şu gün ýaryşa bije çekildi.

Bijä laýyklykda, Türkmenistanyň milli ýygyndysy «A» toparçada Özbegistanyň, Täjigistanyň hem-de Owganystanyň milli ýygyndylary bilen güýç synanyşar. «A» toparçadaky oýunlar Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriler. «B» toparçadan Eýranyň, Gyrgyzystanyň hem-de Omanyň milli ýygyndylary orun aldylar. «B» toparçasynyň duşuşyklary Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde bolup geçer.

Mundan ozal, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýaryşyň bijesinde üçünji sebede düşendigini habar beripdik.

Ýaryşyň geçiş tertibine laýyklykda, toparçalaýyn tapgyrdaky oýunlar aýlaw görnüşinde geçirilip, bir aýlawdan ybarat bolar. Soňra toparçalaryň ýeňijileri finalda, toparçada ikinji orny eýelänler bolsa üçünji orun üçin duşuşykda meýdança çykarlar. Final we üçünji orun üçin oýunlar Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň