CAFA Nations Cup 2023 ýaryşyna bije çekmek dabarasy 26-njy aprelde geçiriler

22:4924.04.2023
0
27003

CAFA Nations Cup 2023 ýaryşyna bije çekmek dabarasy 26-njy aprelde geçiriler.

Bije çekmek dabarasy Aşgabat wagty bilen sagat 14:00-da başlanar. Bu barada CAFA-nyň metbugat gullugy habar berýär.

Ýaryş şu ýylyň 9-21-nji iýuny aralygynda Bişkek we Daşkent şäherlerinde geçiriler.

Ýaryşa jemi ýedi topar, ýagny Türkmenistanyň, Eýranyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Omanyň milli ýygyndylary gatnaşar.

Bijäniň netijelerine görä, gatnaşyjylar iki topara bölünerler. «A» toparçanyň (dört topardan ybarat) oýunlary Daşkent (Özbegistan) şäherinde, «B» toparçanyň (üç topardan ybarat) oýunlary bolsa Bişkek (Gyrgyzystan) şäherinde geçiriler.

Ýaryşyň geçiş tertibine laýyklykda toparçalaýyn tapgyrdaky oýunlar aýlaw görnüşinde geçirilip, bir aýlawdan ybarat bolar. Soňra toparçalaryň ýeňijileri finalda, toparçada ikinji orny eýelänler bolsa üçünji orun üçin duşuşykda meýdança çykarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň