Turkmenportal logo
24.04.23
1665716657
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rustam Emomali CAFA-nyň prezidenti wezipesine ýeke-täk dalaşgär görkeziler
Rustam Emomali CAFA-nyň prezidenti wezipesine ýeke-täk dalaşgär görkeziler

Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň häzirki prezidenti Rustam Emomali öňde boljak saýlawlarda hem bu wezipe üçin ýeke-täk dalaşgär bolar. Bu barada CAFA-nyň resmi saýty habar berýär.


CAFA-nyň sekizinji maslahaty 2-nji maýda Duşenbe şäherinde geçiriler. Assosiasiýanyň Tertibine görä, onda öňümizdäki dört ýyl üçin prezidentlik saýalwlary geçiriler. Şeýle hem maslahatda assosiasiýanyň beýleki ýolbaşçy wezipelerine saýlawlar geçiriler.


2023 ― 2027-nji ýyllar üçin CAFA-nyň prezidenti wezipesine dalaşgär:


  • Rustam Emomali (Täjigistan)

CAFA-nyň wise-prezidentleri wezipelerine dalaşgärler:


  • Mohammad Ýusuf Korgar (Owganystan)
  • Arslan Aýnazarow (Türkmenistan)
  • Rawşan Irmatow (Özbegistan).

AFK-nyň Ýerine ýetiriji komtetinde CAFA wekilçilik etjek agza:


  • Dastanbek Konokbaýew (Gyrgyzystan).

CAFA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalygyna dalaşgär:


  • Hedaýat Mombeni (Eýran).

CAFA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň zenan agzalygyna dalaşgär:


Ýok.