Soňky habarlar

Arhiw

«Eyyam Group» HK eýýäm 10 ýyl bäri Türkmenistanyň polat önümleriniň bazarynda

10:0724.04.2023
0
26961

«Eyyam Group» hususy kärhanasy polatdan sowuk gaýtadan işleme esasynda dürli polat önümlerini öndürmek bilen, öz önümçilik çygrynda 10 ýyllyk tejribä eýedir. Kompaniýanyň alyp barýan işi — metal şkaflary we gapylary, ammar gurşawlary, lukmançylyk, bilim hem-de sport edaralary üçin stellaž ulgamlaryny, şeýle hem howpsuzlyk şkaflaryny we serwer şkaflaryny öndürmekden ybarat.

«Eyyam Group» kärhanasynyň önümleriniň hili öňdebaryjy önümçilik tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy hem-de ýokary takyklykly enjamlaryň esasynda iş alnyp barylýandygy bilen şertlendirilýär. Sowuk gaýtadan işleme usuly önümleriň eredilen metaldan ýasalmagyny öz içine alman, eýsem, ýörite enjamlarda islenilýän şekilleri möhürlemek üçin az wagt talap edýän we has çalt, arzan amallardan ybaratdyr. Munuň üçin sowuk gaýtadan işleme üçin has amatly, aýratyn pes uglerodly polat sorty ulanylýar. «Eyyam Group» kärhanasynyň önümleriniň özüne çekiji görnüşi bolsa, toz görnüşli sepilýän boýag bilen berilýär. Bu hili boýagyň poladyň ýüzüne berk ýapyşýandygy sebäpli, onuň gabygyny soýmak ýa-da gyryp aýyrmak örän kyn bolýar.

— 10 ýyldan gowrak wagt bäri alyp barýan işimiziň dowamynda 20 müňden ýokary taslamalary durmuşa geçirdik, şeýle-de «Siemens», «Petrofac», «Dragon Oil», «Petronas», «Renaissance Construction», «CNPC», «Hyundai», «Schneider Electric» ýaly meşhur daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýduk — diýip, kompaniýanyň hünärmeni habar berýär. — Ammarlarymyzda müşderilere islendik sargydyň tiz ýerine ýetirilmegini kepillendirýän taýýar önümleriň 5 müňden gowrak görnüşi bar. Önümlerimize «Dost gurluşyk», «Gurat gurluşyk», «Kämil ymarat», «Nur bina», «Halk market» dükanlar söwda tory, şeýle-de «Ýedi dogan», «Goşa depe», «Sport ýyldyzy», «Myradym», «Röwşen gurluşyk» we beýleki kärhanalar tarapyndan ýokary baha berildi. Umuman, «Eyyam Group» kärhanasynyň Türkmenistanyň çäginde müňden gowrak hyzmatdaşy bar.

«Eyyam Group» kärhanasynyň stellažlary, polat gapylary, howpsuzlyk şkaflary we serwer şkaflary örän berk hem-de uzak möhlete çydamly bolup, özboluşly dizaýny hem-de interýeriň bezegine kybap sazlaşýandygy bilen tapawutlanýar.

Kärhananyň önümleri bilen şu salgydan has giňişleýin tanyşmak bolýar: Aşgabat ş., 10 ýyl abadançylyk şaýoly (ozalky Moskowskaýa), 211/A jaýy, «Altyn Asyr» söwda merkeziniň binasy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 12) 47 82 90, (+993 65) 48 51 34. Elektron poçtasynyň salgysy: info@eyyamgroup.com. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:


Wideo: "Eýýam group" metaldan ýokary hilli önümleri hödürleýär

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň