Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda Halkara Ýer güni mynasybetli ilkinji ekofestiwal geçirildi

14:5923.04.2023
0
21707

Halkara Ýer güni mynasybetli Türkmenabatda welaýat häkimligi we ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilelikde ilkinji ekofestiwal geçirdi.

Bu çäre «Bitaraplyk» seýilgähinde bolup, oňa giň halk köpçüligi gatnaşmaga mümkinçilik aldy.

Ilçihananyň metbugat beýanatyna görä, açylyş dabarasyndan soň festiwalyň myhmanlary seýilgähiň dürli ýerlerinde guralan tematiki çärelere, şol sanda sungat, bilim, tehnologiýa we medeniýet stendlerine tomaşa etdiler.

Festiwaly ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu S.Klimow açdy we çykyşynyň dowamynda her bir adamyň daşky gurşawy goramakdaky gündelik goşandynyň möhümdigini aýtdy.

Ilçi Klimow: «Şu festiwal planetamyzy goramagy we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagy ýene bir ýola ýatlatdy. Bu gün daşky gurşaw bilen gatnaşygymyz hakda pikir edip, ony özümiziň göreldämiz bilen goramagy maslahat berip biljek günümizdir» diýdi.

Ozal ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Türkmenabatda ekofestiwal geçirjekdigi barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň