Habar berşimiz ýaly, 20-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde bu wekilçilikli edaranyň täze düzüminiň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şeýle-de Türkmenistany ýakyn geljekde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde eden çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow:
— Biziň baş wezipelerimiz türkmen jemgyýetinde agzybirligi, jebisligi, ruhubelentligi we geljege bolan beýik ynamy has-da pugtalandyrmakdyr. Bu işleri amal etmekde maşgala gymmatlyklarynyň orny uludyr. Şoňa görä-de, türkmen maşgalasynyň esaslaryny goramak we berkitmek, onuň maddy üpjünçiligini gowulandyrmak işlerine-de aýratyn üns berilmelidir. Şuny nazara alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahaty maşgalany goldamaga gönükdirilen işlere örän işjeň gatnaşmalydyr. Bu işleri alyp barmak üçin, Halk Maslahatynyň, ilkinji nobatda, halk bilen ysnyşykly, jebis işlemegi möhümdir. Munuň üçin Halk Maslahaty raýatlar, Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary hem-de halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmalydyr.
Halk Maslahaty häzirki döwürde döwlet bilen halkyň jebisligini, jemgyýetde maksatlaryň birdigini, ösüş ýollaryna bolan garaýyşlarynyň bitewüligini ýüze çykarýan esasy syýasy-jemgyýetçilik güýç hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar. Halk Maslahatynyň agzalarynyň halkyň arasynda ýygy-ýygydan bolmagy, adamlary gyzyklandyrýan meseleleri içgin öwrenmegi, ýurdumyzda geçirilýän özgertmelerden habarly bolup, ilat arasynda, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň arasynda degişli wagyz-nesihat işlerini geçirmekleri zerur bolup durýar...
...Biziň alyp barýan işlerimiziň ählisi Türkmenistan döwletiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan syýasatlaryny goldamaga, geçirilýän özgertmeleriň netijeliligini artdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir — diýip belledi.