Şu gün — 20-nji aprelde Aşgabatda, Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri boýunça täze saýlanan we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklarynyň, etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň, şäherçeleriň arçynlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň, etrap we şäher häkimleriniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow giň many-mazmunly çykyş etdi.
Mejlisiň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy bu wekilçilikli edaranyň täze düzüminiň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işiniň adam bähbitli tagallalarda jemlenip, ýurduň uzak geljekde hem iň bagtly adamlaryň ýaşaýan, kuwwatly, demokratik, hukuk döwleti bolmagyna gönükdirilýändigini aýtdy. Şu maksatlar bilen wekilçilikli edaralaryň işine, olaryň işiniň kämil kanunçylyk esaslarynyň bolmagyna, guramaçylyk, hukuk we usuly taýdan goldaw berilmegine aýratyn üns berildi.
Şeýle-de mejlisde Türkmenistany ýakyn geljekde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.